milli goshun logo
Ugur «Tokio 2020-ä»
Ugur «Tokio 2020-ä»
27.10.2018 1433 Habarlar | Sport

Türkmen sportunyň bütin dünýäde dabaralanýan günlerinde, ýene sanlyja günlerden gözel paýtagtymyz Aşgabat 84-nji Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny öz goýnunda geçirer. Bilşimiz ýaly, Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2017-nji ýylyň 26-njy noýabrynda ABŞ-nyň Anahaým şäherinde geçiren mejlisinde Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny 2018-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen paýtagty Aşgabatda geçirmek baradaky edilen teklipler biragyzdan goldanyldy.

Agyr jisimleri götermek boýunça ýaryşlar öz köküni has irki döwürlerden alyp gaýdypdyr. Oňa diňe bu çempionatyň 84-nji sapar geçirilýäninden çen tutubam göz ýetirse bolar. Taryhy maglumatlar Gadymy Gresiýany agyr atletikanyň watany diýip görkezýär. Ol döwürler her bir erkek kişi özüniň güýjüni ykrar etdirmek üçin öz döwtalaplary bilen agyrlyk götermekde ýaryş gurapdyrlar. Baryp, XIX asyryň ortalarynda agyr atletika sporty häzirki görnüşine gelýär. 1896-njy ýylda bolsa Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamalaryna girizilip, ilkinji dünýä çempionaty 1898-nji ýylda geçirilýär.

Ýaryşlar mundan ozal ştangany götermegiň birnäçe görnüşleri esasynda geçirilýärdi. Diňe 1973-nji ýylda birbada we itekläp götermek görnüşleri düýpli kadalaşdyrylýar. Türgenler häzirki wagtda, Agyr atletika boýunça dünýä federasiýasy tarapyndan 1998-nji ýylda takyk kesgitlenen şu agram derejeler, ýagny, erkekleriň arasynda 56, 62, 69, 77, 85, 94, 105 kilograma çenli we 105 kilogramdan ýokary, zenanlaryň arasynda 48, 53, 58, 63, 69, 75, 90 kilograma çenli we 90 kilogramdan ýokary agram derejelerinde bäsleşýärler.

Sportuň ýeňil bolmadyk bu ugrundaky dünýä çempionatlarynda häzire çenli Aziýa yklymynyň türgenleri görnetin öňe saýlanyp gelýärler. Muny agyr atletika sporty boýunça hasaba alnan 48 rekordyň 31-siniň Aziýa yklymynyň türgenlerine degişlidigi has aýdyň tassyklaýar. Hut şunuň özi-de, Aziýa yklymynyň agyr atletikaçylary bu ugurda iň güýçlüler diýlip ykrar edilýär. Şol nukdaýnazardan, agyr atletika boýunça Aziýa çempionatlarynda gazanylan her bir ýeňiş dünýä çempionatlarynda gazanyljak üstünlikleriň buşlukçysy bolup durýar. Ýatladyp geçsek, paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, agyr atletika boýunça, ildeşlerimiz 1 altyn, 2 kümüş, 3 bürünç medal; bu abraýly ýaryşyň öňýanynda synag ýaryşy bolan – Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda bolsa 1 altyn, 3 kümüş we 7 bürünç medala eýe bolup, öz ussatlyklaryny görkezipdiler.

Noýabryň 1-10-y aralygynda geçiriljek bu ýaryş diňe bir dünýä çempionlaryny ýüze çykarman, eýsem «Tokio 2020» Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak ugrunda hem uly ähmiýete eýedir. Çempionata takmynan 100 döwletden (Ýewropanyň 38 ýurdundan, Aziýanyň 29 ýurdundan, Amerikanyň 15 ýurdundan, Afrikanyň 9 ýurdundan we Okeaniýanyň 9 ýurdundan) 800-e golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bulardan başga-da, 1000-e golaý myhmanlar, 300 töweregi tälimçiler, 45 sany tehniki wekiller we lukmanlar, 70-e golaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu gyzgalaňly pursatlaryň şaýady bolarlar. Bularyň hyzmatynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 500 meýletinçi öz başarnyklaryny gaýgyrmazlar. Ýaryşlaryň ýatda galyjy pursatlarynyň «EURONEWS» teleýaýlymy we 145 ýurduň telewideniýesiniň ýaýlymlary boýunça hem janköýerleriň dykgatyna ýetirilmegi-de aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz türkmen türgenleri barada aýratyn alada edip, olaryň halkara ýaryşlarynda uly üstünlikler gazanmaklygy üçin ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýär. Nesip bolsa, merjen paýtagtymyz – Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hem milli agyr atletikaçylarymyzyň mähriban Arkadagymyzyň aladalaryna jogap edip, ýokary netijeler görkezip, ýurdumyzyň sport abraýyny mundan-da belende galdyrjakdyklaryna berk ynanýarys!

«Milli goşun»