milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
25.09.2024 102 Habarlar

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň we täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Şulary tassyklamaly:

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny;

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny.

2. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli. 

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.