Türkmenistanyň
Prezidenti G.Annaýewi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine
bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň
orunbasary A.Nurgeldiýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň
wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***
Döwlet
Baştutanymyz T.Nazarowy işde goýberen kemçilikleri üçin Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hem-de bu
wezipä H.Nuržanowy bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.
***
Şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin N.Ýazdurdyýewi Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä D.Ilmädowy bellemek hakynda Kararlara gol çekildi.
***
Milli
Liderimiz S.Abdyşükürowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň
Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Gylyjowy Lebap welaýatynyň Döwletli
etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary
wezipesinden boşatdy.
***
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Permany bilen, A.Kurbandurdyýew işde goýberen kemçilikleri üçin,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz
S.Allakulyýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine belläp,
ony Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
***
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, B.Ibragimow işde
goýberen kemçilikleri üçin Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary
wezipesinden boşadyldy.
Hormatly Prezidentimiz
F.Burhanowy Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi.
***
Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz B.Açilowy Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary
wezipesine, J.Maşaripowy Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary
wezipesine bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.
***
Döwlet
Baştutanymyz B.Allanazarowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň
Murgap etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä A.Agamyradowy belledi.