milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
08.01.2019 611 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2019-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler, ilkinji nobatda, ak ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, ýerleri we tehnikalary möhüm oba hojalyk möwsümine — ekiş möwsümine taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini tabşyrdy. Oba zähmetkeşleriniň hal-ýagdaýy hem-de halkymyzyň abadançylygy şol işleriň üstünlikli geçirilmegine baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz ýerleri ekişe taýýarlamagyň depginlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda güýçlendirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga uly üns bermek barada görkezmeleri berdi. Ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna ünsi çekip, bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek bilen bagly agrotehniki çäreleriň öz möhletinde talabalaýyk geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerinden ýaz ekişi möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi talap etdi, gök-bakja, ýeralma we beýleki ekinleriň ekişi bellenilen möhletlerde geçirilmelidir. Milli Liderimiz munuň üçin oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, ýerleri öz wagtynda taba getirmek, topragy gurplandyrmak barada alada etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň öňünde möhüm meseleleriň toplumyny kesgitledi we şolary üstünlikli çözmek, ýerlerde takyk hem-de sazlaşykly işleri üpjün etmek üçin çäreleri görmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisine "Türkmenistan — rowaçlygyň Watany" diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.