milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.01.2024 435 Habarlar

Düýn – 8-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we türkiýeli diplomat ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň hemişe hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýandygyny, halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň Türkiýede bilim almaklary, tejribe okuwlaryna gatnaşmaklary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant goşýar. Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna hem-de hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky ýurdumyzda işe başlamagy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.