milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň ösüşi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň ösüşi bilen tanyşdy
08.11.2018 1217 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdança gelip, onuň kitap sergiler merkeziniň ýerleşýän binasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradow we B.Abdyýewa garşylady.

Mälim bolşy ýaly, halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän kitap gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki zaman jemgyýetinde hem medeni we aň-paýhas ösüşiniň esasy guraly hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň medeniýeti ösdürmek meselelerine üns bermegi netijesinde häzirki zaman elektron enjamlary bilen üpjün edilen kitaphanalar hereket edýär. Munuň özi adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsiniň has-da artmagynda, ylma bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekde ähmiýetlidir.

Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi birnäçe bölümden ybarat täze sergi bilen tanyşdyrdy. Onda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda neşir edilen we ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi bilen daşary ýurt okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan kitaplary esasy orun eýeleýär.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 19-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň esasy kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň bir binasyny Döwlet medeniýet merkeziniň kitaphanasynyň ygtyýaryna geçirmek barada tabşyryk berildi. Häzir bu binada Döwlet kitaphanasynyň birnäçe bölümleri, şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň “Galkynyş” kitap merkezine berilýän kitaplary saklamak hem-de kitap sergileri üçin niýetlenen desga ýerleşýär.

Kitaphananyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza medeni-aň bilim işlerini häzirki zamanyň derejesinde ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy we milli Liderimizi döwrebaplaşdyrylan binany görmäge hem-de sergi bölümleriniň işi bilen tanyşmaga çagyrdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň dürli ýyllarda döreden eserleri ýerleşdirilipdir.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny belläp, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländiklerini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy hereket edýär, olaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň 11 milliona golaý bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň “Kitap okan manydan dok bolar” diýen sözüni mysal getirip, halkymyzyň bu baradaky pikir-garaýyşlarynyň düýplüdigini aýratyn nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz köpugurly medeni aň-bilim merkezleri bolan häzirki zaman kitaphanalarynda döredijilik duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary geçirmek üçin şertler bolmalydygyna ünsi çekdi.

Biz kitaplaryň üsti bilen, kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan uly üstünliklerimizi dünýä ýaýmalydyrys, geljekki nesillerimize ýetirmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz kitabyň çagalykdan edep-terbiýe bermekde ähmiýetiniň bardygyny belläp, hut şu nukdaýnazardan kitaphanalaryň jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolmalydygyny aýtdy.

Şol bölümleriň ýene-de biri “Kitap bilimleriň çeşmesidir” diýlip atlandyrylýar. Onda dürli ugra, şol sanda ylmy işlere we okuw gollanmalaryna degişli köpsanly neşirler görkezilýär.

“Saglygym — baş baýlygym” diýlip atlandyrylýan bölümde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işleriniň ählisi we ilatyň saglygyny goramak, şypahana-dynç alyş işini, lukmançylyk ylmyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan kitaplar ýerleşdirilipdir.

Milli Liderimiz kitabyň jemgyýetiň durmuşyndaky eýeleýän orna ýokary baha berip, raýatlarymyzy bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, sadalyk, päklik, mähribanlyk, hoşniýetlilik, watançylyk duýgularyny oýarmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkymyzda şeýle asylly häsiýetleri terbiýeleýän pähim-paýhasly sözler jemlenen kitaplary wagtly-wagtynda çap edip durmagyň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde çaphanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrüň ýokary talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrylandygyny belläp, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynda okuw kitaplary bilen birlikde, çeper edebiýatlary yzygiderli neşir etmegiň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

“Galkynyş” kitap merkeziniň döredilmegi, kitaphanalaryň täze syýasy, ylmy, çeper we okuw kitaplary, dürli neşir önümleri bilen yzygiderli üpjün edilmegi, kitap neşir etmek işiniň kämilleşdirilmegi, bu babatda ýurdumyzda her ýylda sergi-ýarmarkanyň we ylmy maslahatyň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap derejede dikeldýän, milli mirasymyza hemmetaraplaýyn aýawly garaýan, onuň sarpasyny belent tutýan döwrümizde ata-babalarymyzyň kitabyň üsti bilen nesilleri terbiýelemek ýörelgelerine aýratyn hormat bilen garamalydygymyza ünsi çekip, bu ugurda ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan medeni — aň-bilim işlerini talabalaýyk derejede ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýer P.Agamyradowa degişli tabşyryklary berdi.

... Döwlet kitaphanasynyň sergi zalynyň “Medeni miras” bölüminde bolsa ugurdaş edebiýatlar bilen bir hatarda, bäş eýýamyň ruhunyň türkmen taryhynyň dürli döwürlerini açyp görkezýän bezegli serişdeler bar. Ol gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli bolan pursatlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz bu bölüm bilen tanyşlygyň barşynda ata-babalarymyzyň geçmişde ýaş nesli gadymy golýazmalarda beýan edilen ýokary taglymlar hem-de ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýeläpdirler. Bu ýerde dünýä medeni mirasynyň hazynasyny baýlaşdyran kitaplar, şol sanda “Görogly” şadessany we beýleki dessanlarymyz, Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň neşir edilen kitaplary goýlupdyr, bu eserler köp asyrlaryň dowamynda halkymyzy ruhlandyrypdyr, ýaş nesli watançylyk ruhunda edermen we päk ýürekli adamlar hökmünde terbiýeläpdir. Döwlet Baştutanymyz meşhur ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” atly hekaýasy arkaly halkymyzyň kitaba näderejede çäksiz hormat-sarpa goýandygyny belledi. 

Kitap sergiler merkezi bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edebi sergileri guramakda birnäçe pursatlary gaýtadan işlemek, olara has aýdyňlyk we aýanlyk bermek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Bu ýer ýaşlar, talyplar üçin söýgüli künjege öwrülmelidir. Olar bu ýerde özleri, okuwlary we dünýägaraýyşlaryny giňeltmek üçin zerur mümkinçiliklere eýe bolmalydyrlar.

Şol bir wagtyň özünde binada dürli derejedäki duşuşyklary, şol sanda alymlar, ýazyjylar bilen duşuşyklary geçirmek, döredijilik agşamlaryny, bäsleşikleriň guramak üçin möhüm şertler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de häzirki türkmen jemgyýetinde, ýaş nesilleriň ruhy taýdan terbiýelenmeginde we döwrebap dünýägaraýyşlaryň kemala gelmeginde kitabyň möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Soňra milli Liderimiz Döwlet kitaphananyň baş binasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde “Türkmenşynaslyk” we sorag-jogap bölüminde döredilen elektron hasap alyş ulgamynyň işi bilen tanyşdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimize okyjylary hasaba almak, okyjy dolanyşygyny işläp taýýarlamak, zerur maglumatlary elektron ulgamda gözlemek we welaýat, etrap, şäher kitaphanalarynyň bir bitewi ulgama birikdirilen elektron kitaplaryny okamak üçin niýetlenen döwrebap enjamlar görkezildi.

Hyzmat etmegiň kompýuterleşdirilen ulgamy hem-de hasaba alyş, neşirleri saklamak we olara gözegçilik etmek üçin niýetlenen enjamlar okyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga, zerur kitaplary tiz wagtda tapmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol degişli kitaplar bilen tanşylmagyny, gymmatly we seýrek duş gelýän neşirleriň degişli derejede saklanylmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiz kitaphanalaryň hemmesini birleşdirýän, isleg bildirýän kitabyňy çalt tapmak usulynda işleýän ulgamyň işi bilen tanyşdy. Munuň üçin kitabyň ady, awtory, dili görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okyjynyň wagtyny tygşytlamaga ýardam edýän bu usuly giňden özleşdirmek barada degişli tabşyryklary berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda senagatlaşdyrmak, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça strategiýa durmuşa geçirilýär. Bize dürli dillerde çap edilýän birnäçe ylmy-tehniki neşirler zerur bolup durýar. Olar okyjylar köpçüligi, aýratyn-da, ylmy işgärler, hünärmenler we talyplar üçin elýeterli bolmalydyr. Kitaphanalarda häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk elektron we internet hyzmatlary ýola goýulmalydyr diýip, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz kitaphana işini kämilleşdirmek, döwlet durmuşynyň beýleki ugurlary bilen utgaşdyrmak hem-de döwrebap guramak barada döwletimiziň geljekde-de hemme çäreleri görjekdigini aýtdy. Milli Liderimiz kitaphana işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, welaýat kitaphanalaryna usulyýet kömekleri bermek barada tabşyryklary berip, halkymyzyň kitaba hormat goýmak däbiniň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýandygyny ýene bir aýratyn nygtady.

Ýurdumyzda ylym, bilim, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler kitaphana işine oňyn täsirini ýetirýär we olaryň işiniň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Özünde ägirt uly ruhy baýlygy hem-de gymmatlyklary jemleýän kitaphanalar medeniýet we bilim merkezleri bolmak bilen, jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.

Soňra milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkezine degişli üç binanyň kitaphana berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi baş milli kitaphana merkezi bolar we bu ýerde ylmy, usulyýet hem-de medeni-aň-bilim işlerini alyp barmak, degişli derejede duşuşyklary geçirmek üçin oňyn şertleri üpjün eder. Mukamlar köşgüniň binasy bolsa, häzirki döwürde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda ýerleşdirilse maksada laýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ol baş konsert meýdançasynyň derejesine laýyk gelip, giň tomaşaçy we saz zalyna, ses ýazgylar studiýasyna hem-de aýdym-saz boýunça taýýarlyk geçirmäge niýetlenen zala eýe bolar. Bu ýerde saz we tans toparlarynyň taýýarlyk işlerini, dürli derejedäki çäreleri geçirmek üçin köpugurly meýdançalar döredilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şolaryň hemmesi iň täze tehnikalar hem-de kämil enjamlar, teatr, konsert maksatnamalary üçin niýetlenen serişdeler, ses we yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilmelidir.

Köşgüň binagärlik keşbinde türkmen halkynyň saz medeniýetiniň özboluşlylygy görünmelidir. Şol bir wagtyň özünde binanyň gurluşygynda häzirki zaman tejribeleri ulanylmalydyr. Iň esasy bolsa bu ýerde zehinleri ýüze çykarmak, döredijilik işlerini ruhlandyrmak, ýerine ýetirijileriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek, täze saz eserlerini döretmek üçin döwrebap mümkinçilikler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ähli ulgamda gazanylýan ösüşleriň, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň we sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm binýadynyň ylym bilen pugta baglanyşyklydygyny belläp, bu ugurda mundan beýläk-de yzygiderli hem-de netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl geçirilen Halk Maslahatynda birinji mejlisinde kabul edilen çözgütler esasan ýurdumyzyň obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga we pudagy ylmy esasda ösdürmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň agrotehniki kadalary berk berjaý etmegi netijesinde pagtanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini hem-de häzirki wagtda olary ýygnamak işleriniň üstünlikli dowam edýändigini aýtdy. Şunlukda, Ahal welaýatynyň kärendeçileriniň arzyly sepgidi eýeländigi baradaky hoş habar oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň aýdyň netijesidir.

Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagyny ösdürmek işleriniň ylmy esasda ýola goýulmagy, dünýäniň oňyn tejribeleriniň özleşdirilmegi özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň gazanan üstünlikleri munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Häzirki döwürde medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, halklaryň arasynda özara düşünişmek ýagdaýynyň kemala gelmegini hem-de Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine utgaşmagyny şertlendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi we bu ulgamyň hem-de şol sanda kitaphana işini ösdürmegiň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.

Bu ýere ýygnananlara şu günki duşuşykda aýan edilen möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.