milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Piter Kallosy kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Piter Kallosy kabul etdi
28.11.2018 638 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Pitr Kallosy kabul etdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy ugry bolan nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamany durmuşa geçirýändigini nygtap, bu strategik ulgamda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalaryna uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny belledi.

Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we myhman özara gatnaşyklaryň bilelikdäki işiniň netijeleri hem-de geljegi, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda deňizýaka döwletleriniň dünýäniň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçiligi açan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimize işewür gepleşikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň dünýäniň işewür toparlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar hem-de geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläkde ösdürmek üçin ähli tagallalary etjedigini ynandyrdy.

«Milli goşun»