milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti göçme iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti göçme iş maslahatyny geçirdi
10.01.2019 945 Habarlar

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hojalyk müdirligine degişli maldarçylyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Ir bilen milli Liderimiz maslahatyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

Içeri işler ministri I.Mulikow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa düzüminde desgalaryň birnäçesi bolan toplumyň işleri barada hasabat berdi.

IIM-niň maldarçylyk toplumynda gara mallaryň 360-a golaýy idedilýär. Kömekçi hojalykda uly mallara, şol sanda gölelere degişli derejede ideg etmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Sygyrlary sagmagyň tehnologik işiniň guralyşy hem bildirilýän talaplara kybap gelýär. Toplumyň weterinar gullugynyň işi ýokary derejede ýola goýlupdyr, ol sygyrlaryň sagdynlygynyň degişli derejede saklanmagyna, olardan alynýan süýdiň ýokumlylygynyň artdyrylmagyna jogap berýär. Şonuň bilen birlikde, mallar üçin bol ot-iým gorunyň üstüni ýetirip durmak üçin anyk çäreler görülýär, munuň üçin bolsa, ýer böleklerinde oba hojalyk ekinleriniň ýörite sortlary, hususan-da, arpa, ýorunja we siloslyk mekgejöwen ösdürilip ýetişdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň derejesine kanagatlanma bildirip, harby-hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerinde maldarçylygy we ekerançylygy has-da giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda idedilýän guşlaryň görnüşlerini synlady. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň Goranmak ministrligine degişli kömekçi hojalykda ösdürilip ýetişdirilýän guşlaryň birnäçe görnüşleri, şol sanda towuk, ördek, gaz, bedene, sesarka ýaly guşlar görkezildi.

Döwlet serhet gullugyna degişli gulluk itleri hem milli Liderimiziň ünsüni özüne çekdi. Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň kömekçilerini idetmegiň, taýýarlamagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Türkmen alabaýy halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda wepaly dost we goragçy, güýçli we gaýduwsyz hasaplanyp, onuň bilen özüňi howpsuz duýmak bolýar. Şol bir wagtda itleriň bu tohumyna çäksiz wepalylyk we ynam ýaly häsiýetler mahsusdyr.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda gara mallaryň we guşlaryň saklanmagynyň ykdysady bähbidi barada aýdyp, olara ideg edilmeginiň ýaş esgerleri halal zähmet bilen terbiýelemekde ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Dürli düzümlerde we pudaklarda ýokary düşewüntli kömekçi hojalyklaryň döredilmegi bu meseläniň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Içeri işler ministrliginiň maldarçylyk toplumy we beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklary munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Şolaryň her biriniň kuwwatlygy, öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümini azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge hem-de şol bir wagtda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde öz goşantlaryny goşmaga mümkinçilik berýär.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň garamagyndaky kärhanalaryň harytlaryndan ybarat bolan sergini synlady. Bu ýerde IIM-niň hem-de Goranmak ministrliginiň tikinçilik bölümlerinde taýýarlanan harby gullukçylaryň dabara we gündelik lybaslarynyň görnüşleri görkezildi. Şolar özüniň berkligi, oňaýlylygy bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde harby lybaslaryň reňkine, pasyllar boýunça aýratynlygyna baglylykda ekologiýa taýdan arassa matalardan tikilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Görkezilen enjamlaryň dürli görnüşleri, şol sanda täzeçil usullar arkaly taýýarlanan enjamlaryň kömegi arkaly ýangyn döremeginiň öňüni almak işleri geçirilýär.

Serginiň bölümleriniň birinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Goranmak ministrligine degişli önümçilik kärhanalarynda taýýarlanan önümler görkezildi, şolaryň hatarynda plastik önümleriniň dürli görnüşleri bolup, olar Gyýanlydaky gazhimiýa önümçilik toplumynyň çig maly esasynda öndürilýär. Bu toplumyň açylyş dabarasyna milli Liderimiziň hut özi gatnaşypdy. Şeýle hem bu ýerde harby tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerur enjamlar görkezildi.

Ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugyna degişli kömekçi hojalygynda öndürilen önümleriň hatarynda ulaglaryň we gämileriň oturgyçlarynyň hem-de enjamlaryň daşlyklary, harby tehnikalara niýetlenen örtükler bar.

Şeýle hem sergide oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Ozal bölünip berlen 1500 gektar meýdanda 100 müňden gowrak bag nahallaryna, şol sanda agaçlaryň ir-iýmişli sortlaryna ideg edilýär. Şeýle hem gaýtadan işleýän bölümiň dürli harytlaryny görmek bolýar.

Umuman, kömekçi hojalykda gara mallaryň 600-e golaýy hem-de dowarlaryň 10 müňe golaýy idedilýär. Bu ýerde et we süýt önümleriniň milli usulda gaýtadan işlenýändigini bellemeli.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew serhet ýakalarynda bitýän otlardan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda görkezilýän tebigy usullar esasynda dermanlyk serişdeleri taýýarlaýandyklaryny habar berdi.

Şeýle hem sergide daglyk ýerlerde ösýän pisse we hoz agaçlaryndan alnan önümleriň görnüşleri görkezildi.

Bu ugurda alnyp barylýan işler diňe ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, degişli düzümleri ýokumly önümler bilen üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň sergisi bilen tanyşdy. Onuň hojalyk dolandyryş müdirliginiň garamagynda 50 müň towuk saklanýar.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda guş idedijiler 11 milliondan gowrak ýumurtga aldylar. Munuň özi gullugyň hojalyk hasaplaşygyndaky bölümleriniň girdejilerini artdyrmakda örän ähmiýetlidir.

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda öndürilen gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Harby düzümlerde şunuň ýaly önümçilik düzümleriniň ýola goýulmagy olaryň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini gowulandyrýar.

Azyk önümleri-et we et önümleri, süýt önümleri sergide esasy orun eýeleýär. Munuň özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynda beýleki harytlar bilen bir hatarda, azyk önümleriniň önümçiligine möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk mümkinçiliklerini nazarda tutup, bu işleriň yzygiderli ösdürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň harby hünär bilen bir hatarda, ussaçylyk, daýhançylyk we maldarçylyk ýaly zerur hünärlere höwesiniň artmagynda aýratyn ähmiýetlidir, bu bolsa, olara harby gullukdan soň hünär seçip almagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilen Içeri işler ministrligine degişli ulaglary synlady. Şolaryň hatarynda ulaga tirkelýän göçme öýleriň bardygyny bellemeli. Ulagyň bu görnüşi harby we hukuk goraýjy düzümleriň meýdan şertlerinde geçirýän okuw- türgenleşik çäreleri mahalynda aýratyn ähmiýetli bolar diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow IIM-niň şahsy düzüminiň adyndan Belent Serkerdebaşymyza 2019-njy ýylyň ilkinji gününde toplumda doglan taýçanagy sowgat hökmünde kabul etmegi hem-de taýçanaga at dakyp bermegi milli Liderimizden haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taýyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda doglandygyny nazara alyp, oňa «Rowaç» adyny goýdy.

Bu at türkmen halkynyň ata Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegi baradaky umyt-arzuwlary bilen baglydyr. 
Çünki «At-myrat» diýlen paýhasly jümläni döreden halkymyz ýylyň başynda altyn öwüşginli taýyň dünýä inmegini ýagşa ýorýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göçme iş maslahatyny geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň işi, şol sanda döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny, hojalyk we maldarçylyk toplumlaryny döretmegiň hasabyna alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbiriniň kömekçi hojalyklarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada aýdyldy.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrlikleriň we düzümleriň garamagynda dowarlary we gara mallary saklaýan maldarçylyk toplumlary bar. Şunuň bilen birlikde, hojalyk bölümlerinde guşçulygy, atçylygy we balarylaryny ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem degişli düzümleriň döwrebap ýyladyşhana hojalyklary bolup, şolarda gök önümleriň we miweleriň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli bölümleriniň akar suwlaryň ýanynda boş ýatan meýdanlary ekerançylyk maksatlary we maldarçylyk işleri üçin ulanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy düzümlere degişli hojalyk desgalarynyň çäklerini giňeltmegiň zerurdygyny belläp, miwe we gök önümleriniň, beýleki azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň mukdaryny köpeltmegiň hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda bag nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilmegini görkezdi. Bu daşky gurşawy goramaga hem-de ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmaga goşant bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere jan saglyk, abadançylyk hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.