milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti FIAS-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti FIAS-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi
08.04.2019 677 Habarlar

7-nji aprelda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti Wasiliý Şestakowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy, Milli Olimpiýa komitetiniň prezidentini FIAS-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň türkmen paýtagtynda 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdi bilen tüýs ýürekden gutlady. Halkara derejedäki bu bäsleşikler Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberdäki sport diplomatiýasynyň ösdürilmegine nobatdaky goşandy bolar diýip, W.Şestakow belledi.

Duşuşygyň dowamynda 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

W.Şestakow Türkmenistanda iri sport ýaryşlaryny guramaga halkara ülňülere laýyk gelýän çemeleşmeleriň bardygyny belläp, Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigine we üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, myhman milli Liderimize dünýä derejesinde sambony ösdürmäge goşan goşandy üçin güwänamany hem-de ýadygärlik nyşanyny we samboçy türgeniň degişli sport lybasyny uly hormat bilen gowşurdy.