Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we
birinji plenar mejlisi geçirildi.
Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak
ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä
belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ähmiýetli wakany giňden
şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekili geldi.
...Ir bilen maslahata gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet
baştutanlary forumyň geçirilýän ýerine geldiler.
Forumyň öňüsyrasynda bilelikde surata düşmek dabarasy
boldy.
Soňra wekiliýet baştutanlary halkara maslahatyň Plenar
mejlisler zalyna geldiler. Bu ýerde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy boldy.
Maslahatyň häzirki Başlygy hökmünde BMG-niň Baş sekretary
ony açyk diýip yglan etdi we giriş sözi bilen çykyş etdi.
Soňra maslahaty geçirmegiň düzgünlerine laýyklykda, ses
bermek arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahatyň Başlygy
saýlanyldy.
BMG-niň Baş sekretary döwlet Baştutanymyzy maslahatyň
Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady we prezidiumyň merkezinde
ýörite bellenen ýere geçmäge çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş
sekretaryndan agaçdan ýasalan çekiçjagazy kabul edip, özi üçin ýörite bellenen
ýere geçdi.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy hökmünde çykyş etdi.
Soňra tassyklanan iş tertibine laýyklykda çykyşlar
diňlenildi.
Ilki bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe söz
berildi.
Antoniu Guterriş çykyşynda Hereketleriň Awaza
maksatnamasyna ünsi çekip, Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD-niň bu
ugurdaky tagallalaryny goldaýandygyny belledi. Şeýle hem ol geljek on ýyl üçin
bilelikdäki hereketleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi.
Soňra maslahatyň Başlygy hormatly Prezidentimiz giriş sözleri
bilen çykyş etmek üçin ýokary derejeli wekillere söz berdi.
Giriş sözleri bilen çykyşlar tamamlanandan soňra,
maslahaty alyp barmagyň tertibine laýyklykda, onuň düzgünleri we gün tertibi
kabul edildi. Maslahatyň wezipeli wekilleri saýlanyldy hem-de beýleki
guramaçylyk meselelerine seredildi.
Şunuň bilen maslahatyň açylyş bölegi tamamlandy.
Soňra maslahatyň umumy mejlisi öz işine başlady hem-de
onuň dowamynda döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle hem wise-prezident
derejesindäki wekiliýet ýolbaşçylary çykyş etdiler.
6-njy awgustda maslahat öz işini dowam eder.