milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.12.2018 927 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky iň soňky mejlisini geçirdi. Onda 2018-nji ýylyň deslapky jemleri jemlenildi.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň 51-siniň hem-de dürli döwlet ýygnaklarynyň 41-siniň geçirilendigini aýtdy. Daşary syýasat işleri bilen baglylykda, daşary 
ýurtlara saparlaryň 10-sy hem-de beýleki döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň ýurdumyza saparlarynyň 10-sy amala aşyryldy.

Geçirilen çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary 
ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň resmi wekilleri, ministrler derejesindäki resmi adamlar, halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary hem-de dünýäniň öňdebaryjy korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen köp sanly duşuşyklary görkezildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hem-de döwlet maslahatlarynda, saparlar we halkara duşuşyklary geçirilen wagtynda syýasy, ykdysady hem-de durmuş häsiýetli meselelere seredildi. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi.

Ministrler Kabinetiniň kabul edýän kararlarynyň hem-de çözgütleriniň dogrulygy we zerurlygy, biziň alyp baran sazlaşykly işlerimiz, maksada okgunly hereketimiz, mähriban halkymyzyň giňden goldawy ykdysadyýetimizde hem-de daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagyň girewi bolup hyzmat etdi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi.

Umuman, geçip barýan ýyl ýurdumyz üçin abadançylykly, üstünlikli, köp sanly möhüm wakalara hem-de rowaçlyklara beslenip, ýatda galan ýyl boldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Ilki bilen, dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän çökgünlige garamazdan, berkarar Watanymyzyň üýtgewsiz ugur boýunça täze belentliklere tarap ynamly barýandygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Bu ugur — Garaşsyzlykdyr we Bitaraplykdyr, giň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlylykdyr, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň gazananlary barada aýdyp, 2018-nji ýylda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly öndürilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynyň üpjün edilendigini, ýokary tehnologiýaly täze kärhanalaryň işe girizilendigini belledi. Ata Watanymyz agrar ülkeden senagat taýdan ösen ýurda öwrüldi. Umuman, geçip barýan ýylyň netijelerini oňyn häsiýetlendirmek bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şu ýylyň 
31-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek barada karara gelendigini aýtdy. Täze ýyl baýramynda dört günläp dynç alynmagy bilen baglylykda, milli Liderimiz şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny göwnejaý guramak bilen bagly meselä ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde edaralarda, häkimliklerde nobatçylyk etmegiň tertibine ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz jemagat hojalygy gullugynyň, elektrik energiýasy hem-de suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň bökdençsiz we talabalaýyk işlemegini guramak barada görkezme berdi. Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda 31-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, hemmeleri ýetip gelen Täze — 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Täze ýylda berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.