Düýn – 3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ileri tutulýan ugurlaryny hukuk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.
Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe beýleki meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.