milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.05.2024 207 Habarlar

Düýn – 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, sanitariýa işi, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, täze kanunlaryň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak baradaky kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, beýik şahyryň ýubileýi mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.