milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
21.09.2024 108 Habarlar

Düýn – 20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän onkologiýa hassahanalary bilen bagly meseleler, ýangyç-energetika ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler, eksportyň we ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmeginiň Tertibi, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri barada hasabat berdiler.