milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi
10.11.2018 872 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň dowam etdirilişi hem-de Hasyl toýy mynasybetli dabaraly çäreleri geçirmegiň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň pagtaçylarynyň 1 million 50 müň tonnadan gowrak hasyl taýýarlap, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu gazanylan üstünlik bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde meýdanlarda ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri dowam edýär.

Milli Liderimiz pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen, “ak altyn” ussatlarymyzy, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz zähmetde tapawutlanyp, uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakyndaky çözgüdi yglan edip, mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda degişli Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri çaltlandyrmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin meýdanlarda ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi zerurdyr. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, suw arassalaýjy täze desgalary gurmak boýunça bäsleşikleri çaltlandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralary hem-de oba zähmetkeşlerini sylaglamak çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň ykdysady görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarlydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz has ýokary netijeleri gazanmak üçin degişli çäreleriň görülmelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini gazanmalydygyny, bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmalydygyny hem-de ýokary hünärli işgärleriň üpjünçiliginiň berkidilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýete geçilmegini öňde durýan wezipeleriň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, zerur bolsa, bu ugurda öňdäki orunlary eýeleýän ýurtlardan bilermenleri çagyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz ýakyn ýedi ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde seredilen Maksatnamasyny taýýarlamak işleriniň çaltlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň berk maýa goýum binýadyna esaslanmalydygyny belläp, onuň gutarnykly görnüşiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde kabul ediljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýdyp, wise-premýerlere onuň taslamasyna ýene bir gezek seretmegi, makullamagy hem-de Mejlise ibermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, hasabat döwründe dürli medeni çäreler, dostlukly döwletleriň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda “Ýüpek ýoly” atly nominasiýanyň resminamalaryny taýýarlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan meýilnama 134,3 göterim ýerine ýetirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, dürli çärelere, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. 30-njy sentýabr 5-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi we onuň çäklerinde birnäçe beýleki çäreler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekip, wise-premýere paýtagtymyzda, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda baýramçylyk medeni çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynda işleriň ýagdaýyny, şol sanda teatr toparlarynyň, kitaphanalaryň hem-de muzeýleriň işini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz golaýda Döwlet kitaphanasyna baryp görendigini aýdyp, kitabyň jemgyýetdäki ähmiýetini belledi. Kitap adamyň döreden täsin we beýik gudratydyr. Ol döwürleriň aýnasy, ynsanyň özünden soňky nesillere goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Bu gudratda adamzat durmuşynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ösüşi, ylym-bilimde ýeten sepgitleri, döwürleriň syýasy, ykdysady we medeni baglanyşygy, umuman, asyrlaryň ýaňy beýan edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bahasyna ýetip bolmajak, pähim-paýhasyň çeşmesi bolan şeýle gymmatly hazynalar bolsa kitaphanalarda jemlenýär. Kitaphanalar ýurduň ýeten medeni-bilim derejesini, ilatyň ruhy-ahlak düşünjesiniň ösüşini görkezýär. Şoňa görä-de, biziň halkymyz bu gymmatlyklara hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi kitap okamagy söýýän halk özüni bagtly saýypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphana ulgamyny ösdürmegiň, kitap neşir etmegi kämilleşdirmegiň biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz kitaphanalaryň durmuşda eýeleýän ornuny göz öňünde tutup, soňky ýyllarda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony hünärli işgärler bilen üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirdik, ýurdumyzda bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Mundan beýläk-de halkara kitaphana ulgamy arkaly kitaplary we beýleki neşir önümlerini alyşmak, okyjylaryň sanyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns bermek, çagalar kitaphanalary, şeýle hem ýaşlar, aspirantlar we ylmy işgärler bilen alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek zerurdyr.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz etmekde kitaphanalara möhüm orun degişlidir we şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň pudaklarynda, aýratyn hem oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça olaryň işine üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda olaryň öňünde uly wezipäniň — Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy sanly ykdysadyýete geçen, dünýäde öňdebaryjy döwletleriň birine öwürmek wezipesi durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hepdäniň günleriniň birini «kitaphana güni» diýip yglan etmegi teklip etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işini seljermek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda geçen 10 aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümleriniň işini kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, onuň tassyklanan meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy babatda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz TOPH halkara gaz geçirijisiniň we ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalaryň gurluşyklaryny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň geçen döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, senagat toplumyna degişli edaralarda we kärhanalarda meýilnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmalydygyny, hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we oňyn usullarynyň ornaşdyrylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmegiň, eksport kuwwatlyklaryny, daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmagyň senagat toplumynyň işiniň esasy ugurlarydygyny belläp, wise-premýere Balkan we Lebap welaýatlarynyň çäginde täze sement zawodlaryny gurmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz geljekde aýna önümçiligini giňeltmegiň, hususan-da, aýna önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny belläp, “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2018-nji ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň ýagdaýy, hususan-da, energetika pudagyny ösdürmek, Aşgabat şäheriniň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, gurluşyk işleriniň depginlerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümleriň işini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, degişli düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak, jemagat hojalygy gulluklarynyň anyk we sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurluşyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda durmuş maksatly binalary gurmagyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem bu ulgamda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hemişe gözegçilikde saklanmalydyr.

Milli Liderimiz Energetika ministrligine degişli kärhanalaryň öňünde durýan wezipeleriň degişli derejede ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwletimiz mundan beýläk-de pudagyň mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine yzygiderli üns berer. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça iri möçberli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmeginde bu pudaga möhüm orun degişlidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, haryt dolanyşygyny giňeltmek, ýurdumyzyň eksport ugurly we daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önüm öndürijilerini goldamak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere halkara söwdany ösdürmek meselesi boýunça tabşyryklary bermek bilen, ýurdumyzda öndürilýän harytlary eksport etmegiň möçberini artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz geljek ýyl söwda ulgamyny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek, beýleki döwletleriň gatnaşmagynda söwda sergilerini guramak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk ulgamlarynda ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer pudagyň düzümlerinde alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň yklymyň esasy çatrygynda çäk babatda amatly ýerleşmeginiň halkara gatnaşyklary üpjün etmek üçin milli ulag kuwwatyny durmuşa geçirmäge oňyn mümkinçilik berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli pudaklaryny degişli derejede döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şolar dünýäniň öňdebaryjy görkezijilerine kybap derejede hereket etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meselelerine ünsi çekip, bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmegi wise-premýerden talap etdi we oňa birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek, ýaşlar syýasaty wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň geçen on aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aň-paýhas, beden, ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek, ylmyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginlerde diwersifikasiýalaşdyrmak we durnukly ösdürmek boýunça işlere goşýan goşandyny üpjün etmek boýunça wise-premýere tabşyryklar bermek bilen, durmuş ulgamynyň ösdürilmeginiň adam maýasyny artdyrmagyň hem-de türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy guralydygyny nygtady.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýylyň başyndan bäri milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda geçiren maslahatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyna iş saparynyň dowamynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler barada habar berip, sebitiň ýaşaýjylarynyň welaýatyň täze nusgalyk dolandyryş merkezini döretmek barada milli Liderimiziň başlangyjyny doly goldaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistany ösdürmegiň milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň aýratyn möhüm ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň täsirli guralydygyny belläp, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze nusgalyk dolandyryş merkezini döretmek bilen baglanyşykly meselelere geçmek bilen, ýakyn wagtda gaýtadan işlenilen taslamalara laýyklykda saýlanyp alnan künjegiň toplumlaýyn özleşdirilmegine girişilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýat merkeziniň desgalaryny gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginde şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde amala aşyrylan degişli işler barada habar berildi.

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek maslahata hem-de beýleki şanly senelere içgin taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi.

Habar berlişi ýaly, Kabulda türkmen wekiliýeti OYR-nyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Ol Owganystanyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen däp bolan döwletara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Owgan Lideriniň hem-de goňşy ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutanynyň gatnaşmagynda türkmen tarapynyň TOPH gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisini we demir ýoly gurmak barada öňe süren taslamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ynsanperwer we ykdysady taýdan bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere-de garaldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Şolaryň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem howpsuzlyk iş toparynyň mejlisi geçirildi. Onuň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň doganlyk Owganystan bilen gatnaşyklara uly üns berýändigini, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini nygtady. Şu maksatlar bilen ýurdumyz goňşy döwletiň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna ýardam etjek energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamynda möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlady. Degişli maksatnamanyň çäklerinde Owganystanyň çäginde durmuş ähmiýetli desgalaryň birnäçesi, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim ugurly desgalar guruldy. Owganystana iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberi artdyrylýar.

Bitarap Türkmenistan owgan meselesini diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edip, bu ugurda halkara bileleşigiň tagallalaryna saldamly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwerlik däplerini hem-de Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde metjit gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk-de goňşy ýurda hemmetaraplaýyn kömek berjekdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ynsanperwerlik taslamasyny durmuşa geçirmäge hem-de döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň Türkmenistanyň tutuşlygyna goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň kadalaryna doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz milli howpsuzlygy üpjün etmek, ähli goşun bölümleriniň täze ýörite tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilmeginiň hasabyna ýokary goranyş kuwwatyny ýola goýmak işleriniň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna kesgitlenen ähli wezipeleriň anyk we pugta ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyryldy.

Milli Liderimiz giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ähmiýetine ünsi çekip, ýokary hünärli harby gullukçylaryň hatarlarynyň berkidilmegi ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara we döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi. Şunlukda, ähli welaýatlarda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalar görülmelidir. Amala aşyrylýan işlerde ilatyň durmuş üpjünçiligi esasy orun eýelemelidir.

Milli Liderimiz ak mermerli Aşgabatda alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzyň çäklerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, şäher ilaty üçin ýokary derejeli amatlyklaryň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtdy hem-de ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny görkezýär. Ykdysadyýetimizde ösüşiň ýokary depginleri saklanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda önümçilik möçberleriniň ösüş görkezijileri kabul edilen meýilnamalara laýyk gelýär. Aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýokarlandy, köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalar gurlup, ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, onuň ösüş depginlerini çaltlandyrmak maksady bilen, ählumumy ykdysady üýtgemelere garamazdan, häzirki döwürde aýgytly çäreleriň durmuşa geçirilmegi möhüm talap bolup durýar. Öňümizde emele gelen oňyn ýagdaýy saklamak we ony täze ýylda has-da berkitmek wezipesi durýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ahyryna çenli iki aýa golaý wagtyň galandygyny, ony ýokary görkezijiler bilen jemläp, Täze, 2019-njy ýyla ynamly gadam urmagyň möhümdigini belläp, bu ugurda köp sanly wezipeleriň çözülmelidigini, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazanan netijelerine Hökümetiň nobatdaky mejlisinde ýene-de bir gezek jikme-jik serediljekdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik, ýurdumyzyň halkyna bolsa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda uly rowaçlyk arzuw etdi.