milli goshun logo
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
25.09.2024 107 Habarlar

Düýn – 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!», «Döwlet adam üçindir!» diýen döwlet taglymatynyň esasynda alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny barada taryhy çykyş etdiler. 

Umumymilli forumyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem Garaşsyz Diýarymyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky degişli resminamalara gol çekdi.