milli goshun logo
Türkmenistanda Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Türkmenistanda Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
15.03.2024 314 Habarlar

Düýn – 14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Mejlisiň düzümi, onuň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak teklibi beýan edildi.

Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noad ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin öz tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.