milli goshun logo
Türkmenistan – Eýran: dostluk we bahar baýramçylyk konserti
Türkmenistan – Eýran: dostluk we bahar baýramçylyk konserti
05.04.2019 686 Habarlar

Gadymy döwürlerden bäri iki doganlyk halky birleşdirýän Howdan-Bajgiran serhetýaka zolagynda Halkara bahar baýramy – Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) sungat ussatlarynyň konserti hem-de amaly-haşam önümleriniň bilelikdäki sergi-ýarmarkasy boldy.

Halkara Nowruz gününe bagyşlanan dabara iki goňşy ýurduň hökümetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, belli medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Dostluk konsertine meşhur estrada aýdymçylary, sazandalar, tans toparlary, folklor-etnografiýa toparlary gatnaşdylar. Çykyşlaryň ählisi milli öwüşgine eýe boldy. Türkmen we eýran halklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik däplerini öz içine alan umumy baýramçylyk ýagdaýy muňa özboluşly öwüşgin çaýdy.