milli goshun logo
Türkmenistan dünýä jahankeşdeleriniň üns merkezinde
Türkmenistan dünýä jahankeşdeleriniň üns merkezinde
03.01.2019 689 Habarlar

Merkezi Aziýa döwletleri, hususanda Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan we Gazagystan ýewropaly jahankeşdeleriň Täze ýylyň öňüsyrasynda syýahat etmäge uly isleg bildirýän ýerlerine öwrüldi. Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtalanmajak özboluşly mirasyny öz gözleri bilen görmäge isleg bildirýänleriň aşa köp bolmagy bu sebitde täsin ugurlary hem-de özüne çekiji maksatnamalary hödürleýän syýahatçylyk agentlikleriniň işini has hem işjeňleşdirdi.

Syýahatçylyk hakynda meşhur italýan saýty «volagratis.com» Türkmenistany jahankeşdelik boýunça iň ýörgünli ugurlaryň biri hökmünde belläp geçdi. Gündogardan Günbatara ugur alýan gadymy söwda ýolunyň ýüreginde ýerleşen ýurt taryhy hem-de tebigy ýadygärlikleri, galyberse-de, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen köplerde diýseň uly gyzyklanma döredýär.

Kanadanyň «Vancouversun» maglumat portaly hem «Syýahatçylyk» bölüminde Merkezi Aziýa dogrusynda gürrüň edýär. Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan we Gazagystan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ösen ýerler hökmünde gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde meşhur bolupdyr. Olaryň myhmansöýerligi bolsa rowaýata öwrülendir: «Bu babatda Marko Polodan sorap görüň!» diýlip, saýtda ýazylýar.

Belläp geçsek, eýýäm 2019-njy ýylyň oktýabrynda meşhur italýan söwdagäriniň geçen bu ýoly boýunça, Beýik Ýüpek ýolunyň ýädygärlikleri boýunça «Orient Silk Road Express» – iki hepdelik kaşaň demir ýol ulagy arkaly syýahatçylyk guralar.

Oňaýly demir ýol ulagynda amatly şertler, aýratyn wanna otaglary, ýokary hilli hyzmat we baý medeni maksatnama hödürlenilýär. Türkmenistana syýahatyň çäklerinde jahankeşdeler Gadymy Merwe, Nusaýa we Aşgabada gelip görerler.