milli goshun logo
«Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi
«Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi
07.12.2024 152 Habarlar

Düýn – 6-njy dekabrda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň we degişli resminamalaryň taslamalary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen bagly Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, şol sanda zerur maglumatlary alyşmak baradaky meseleler mejlisiň gün tertibine girizilen möhüm mowzuklar boldy.