milli goshun logo
Türkmenabat şäherinde täze binalaryň açylyş dabarasy boldy
Türkmenabat şäherinde täze binalaryň açylyş dabarasy boldy
12.12.2018 2154 Habarlar

Düýn Türkmenabat şäherinde ammar jaýy bolan häzirkizaman sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen toplum ulanmaga berildi. Ol birbada 3 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenendir.

“Lebapmiwe” obasenagat hojalygynyň täze ammarynyň ulanmaga berilmegi welaýatyň sarp ediş bazarlaryny ýokary hilli we ter önümler bilen üpjün etmekde we olary ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna ugratmakda möhüm ähmiýete eýedir. Munuň üçin bolsa bu ýerde ähli zerur şertler üpjün edildi. 

Bu desga şäheriň günorta künjeginde, birnäçe ýyl mundan ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan täze köpugurly bazaryň ýakynynda ýerleşýär. Toplumyň desgalarynyň umumy eýeleýän meýdany 4 gektara barabardyr. Bu ýerde üç sany uly ammar, kömekçi desgalar, önümleri saýlamaga niýetlenen bölüm, barlaghana, arassaçylyk-durmuş binasy bar. Şeýle hem onlarça sowadyjy kameralar hereket edýär. Bu ýerde gök önümleri gysga wagtda kabul etmek we ugratmak üçin ähli zerur şertler döredildi. 

Ammarlar Ýaponiýanyň we Russiýanyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. Häzirkizaman kompýuter ulgamy ammaryň degişli howa ýagdaýyny, arassaçylygyny, toplumda howanyň çyglylyk derejesini saklamaga mümkinçilik berýär. 

Ýurdumyzyň gündogar welaýatynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberiniň artmagy bilen, olary saklamak, gaýtadan işlemek we ýerlemek boýunça kuwwatlyklar artdyrylýar. Soňky ýyllarda Lebap welaýatynda gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar Çärjew we Kerki etraplarynda guruldy. 1 müň tonnalyk ammar Türkmenabat şäherinde guruldy. Ýokary hilli unuň her ýylda 80 müň tonnasyny öndürmäge we 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewator welaýatyň merkezinde guruldy. Seýdi we Türkmenabat şäherlerinde döwrebap pagta egriji kärhanalar bina edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artýar, oba hojalygy okgunly ösýär, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagyna ýardam edýär.