milli goshun logo
Türkmen tagallasy ýene-de yklymlary birleşdirýär
Türkmen tagallasy ýene-de yklymlary birleşdirýär
01.12.2018 936 Habarlar

Bagtyýarlyk döwründe däp bolşuna görä, ykbalymyzy nurlandyrýan senelere beslenýän her bir ýylyň öz mynasyp ady bar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär». Diýmek, 2018-nji ýyl ýöne ýere «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmandyr. Ol diňe bir gadymy şöhratyň häzirki zaman ýaşaýjylary üçin täzeçe dabaralanmasy bolman, eýsem, şöhratly geçmişiň ülňülerine laýyklykda dabaralanjak ajaýyp geljege bolan umydyň we mizemez ynamyň şöhlelenmesi eken.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ulag toplumyny we onuň ähli pudaklaryny yzygiderli ösdürmäge hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidip, ählumumy abadançylygyň bähbidine bu ulgamdaky ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Munuň şeýledigine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongres merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe Respublikalarynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga («Lapis Lazuli» ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty hem şaýatlyk edýär.

Yklymara ulag infrastrukturasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, onuň köpugurlylygyndadyr. Ýurdumyzda bu maksat bilen gurulýan içerki demir ýollaryň ýurdumyzyň çäginden çykyp, sebit we yklymara bähbitli ýollara birikmegi göz öňünde tutulanlygy, olaryň halkara derejeli suw, howa we gara ýollar bilen utgaşyklylygynyň nazara alynmagy, eýýäm, bu babatdaky döwletli tutumlaryň geriminiň has-da giňeýändiginiň subutnamasydyr. Ol ýollar arkaly amala aşyryljak gatnawlaryň halkara ölçeglere kybap getirilmegi bolsa, hil derejesine berilýän ünsüň ýagdaýyny kesgitleýär. Bir wagtky Beýik Ýüpek ýolundan gatnan kerwenleriň ornuny indi yzy tirkeg-tirkeg wagonly teplowozlardyr, iň kämil awtoulaglar eýeleýär.

Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Ol geografiki taýdan ýerleşişiň artykmaçlyklaryndan, ýurdumyzyň çäginde ysnyşykly halkara ykdysady goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek işine hyzmat edýän sebit we yklym ähmiýetli iri ulag merkezlerini döretmek üçin logistiki mümkinçiliklerden hem-de düzümden has doly peýdalanmaga esaslanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitde iri halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar.

Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryny peýdalanmak bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeler döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanyşygynyň mukdarynyň artmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýolunyň açylmagy bilen Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna goşmak hem-de onuň üsti bilen halkara ýollaryna birleşdirmek hakyndaky pikiri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Polat we awtomobil ýollar Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara porty bilen birleşdirýär. Şondan aňry Hazaryň üsti bilen Bakuwa çenli, soňra Tbilisiniň üsti bilen Ankara we Stambula çenli dowam eder. Türkmen-owgan ýolunyň gurluşygyny doganlyk halka hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýän Türkmenistan doly öz üstüne aldy. Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan gaýtadan gurlan demir ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, Turgundy menziliniň geçirijilik ukyby ýokarlandy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda ähmiýeti artdy, owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt harytlaryny ýurdumyza gysga we amatly ýol bilen getirmek mümkinçiligi döredi.

Owganystanyň sebitde köpugurly ulag ýollaryny döretmegiň taslamalaryna çekilmegi bilen ol öz geografik artykmaçlyklaryny Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr merkezi hökmünde peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ähmiýeti barha artýar. Biziň ýurdumyz ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen tutumly işleri üstünlikli amala aşyrýar».

«Milli goşun».