milli goshun logo
Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde hasyl baýramynyň waspy
Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde hasyl baýramynyň waspy
13.11.2018 3494 Habarlar

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl baýramy mynasybetli tematiki sergi açyldy, onuň merkezinde Gennadiý Babikowyň türkmen halkynyň zähmetsöýerligini we myhmansöýerligini wasp edýän natýurmorty goýlupdyr. Sahawatly türkmen topragynda Gün yssysy-ýylysy siňen ter miweler – kesilip goýlan gawundyr garpyz, nar, beýi, üzüm nepisden özüne çekiji çekilip, sazlaşykly ýerleşdirilipdir. Saparmämmet Meredowyň “Toprak” atly suraty çuň many-mazmuny bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Goja daýhan janypkeş eline şüdügärden bir gysym toprak alypdyr-da, indi ondan neneňsi hasyl alyp boljakdygyny çaklaýar. Nakgaş gahrymanynyň keşbini-de topraga ýakyn reňkde çekip, ynsanyň özüni ekleýän ene toprak bilen ýakyn baglanşygyny nygtamak isläpdir. 


Suratlaryň ençemesi “Ak altyna” bagyşlanypdyr. Hezret Rejebowyň “Pagtaçylar” işinde ýüwrük elli ýaş gelinleriň ikisi höwes bilen pagta ýygýarlar. 

Haky Allaberdiýewiň suratyndaky pagta meýdany şahyrana görünýär. Gül-pürçege bürenip oturan gowaçalar sazlaşygy bilen göwnüňi göterýär. Stanislaw Babikowyň “Pagta ýygymy” suraty hem özüne çekýär. 

Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Gawun satýan” suraty stilleşdirilen nakgaşçylyk tilsimi bilen tapawutlanýar. Syrdam boýly söwdagär söwdadan lezzet alýan bolmaly. Gök çaý guýlan pyýala suratyň ýordumynyň aýratynlygyny nygtaýar. Gyzyl-sary reňklerde çekilen surat baýramçylyk ruhuny we zähmetsöýer türkmen daýhanlarynyň üstünligine buýsanjy beýan edýär. 

Sergi zalynyň merkezinde ýazylan saçakdaky mele-myssyk nanyň ýanynda goýlan pişmedir bir käse ter gawun halkymyzyň sahawatlylygyny we myhmansöýerligini aňladýar. Bir desse sümmülli güldan, içi gowaça hanaly we pileli horjunlar baýramçylyk “natýurmortuna” aýratyn bezeg berýär.