milli goshun logo
Türkmen-rus gatnaşyklary dabaralanýar
Türkmen-rus gatnaşyklary dabaralanýar
23.09.2024 99 Habarlar

Düýn – 22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň oktýabrynda Russiýada geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine çagyrdy. Şonuň bilen birlikde, Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumyň ähmiýeti bellenildi. 

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin RF-niň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.