milli goshun logo
Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy
Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy
05.03.2024 488 Habarlar

Düýn – 4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Milli Liderimiz dürli ugurlar boýunça görkezilýän harytlar bilen tanyşlygyň dowamynda goňşy ýurtda öndürilen önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini synlady. Şeýle-de bu ýerde Owganystanda ösdürilip ýetişdirilýän gök, miwe we azyk önümleri görkezilýär. Sergide ýaýbaňlandyrylan önümleriň görnüşleri, goňşy ýurduň gaýtadan işleýän senagatynyň mümkinçilikleri, Owganystanyň durmuş düzümine, söwda toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklary baradaky gymmatlyklar degişli ugurlaryň ösüşini görkezýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.