milli goshun logo
Türkmen halylary «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde
Türkmen halylary «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde
22.01.2019 2465 Habarlar

Milli halyçylyk sungatymyz şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň önümleri Türkmenistanyň sergisiniň bezegine öwrüldi.

Nepis we seýrek önümleriň 15 müňden gowragyna wekilçilik edýän elde dokalýan haly önümleriniň iri öndürijileri hem sergä gatnaşyjylaryň hatarynda boldular.

Türkmen haly we haly önümleri umumy meýdany 200 inedördül metr meýdandan ybarat bolan meýdançada sergilenýär.

Birleşen Arap Emirliklerinde geçýän abraýly sergä gatnaşylmagy halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berer. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ýurdumyzyň halyçylyk ulgamynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, halyçylarymyzyň netijeli zähmet çekmegi we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmek boýunça täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi hem-de bar bolan önümçilik bölümleriniň durkunyň täzelenmegi ýaly işleriň netijesinde mümkin boldy. Sergi fewral aýynyň 14-ne çenli dowam eder.