milli goshun logo
Türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklary berkidilýär
Türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklary berkidilýär
29.08.2024 135 Habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň barşynda türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň arasynda «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama», Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy» bar.