milli goshun logo
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça Okuw merkezi açyldy
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça Okuw merkezi açyldy
28.12.2018 1123 Habarlar

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň döredilmeginiň 10 ýyllygyna we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Täze merkeziň döredilmegi baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 20-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty binýatlaýyn esasda, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde amala aşyrylýar. Şunuň ýaly strategiýa hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, dürli meseleler boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge, özara ylalaşykly çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag we energetika diplomatiýasynyň barha artýan ornuny belledi. Bu ulgamda ýurdumyz eýýäm baý tejribe toplady. Emma wagt üýtgäp durýar hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyny, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär, olar öňlerinde goýlan wezipä düýpli düşünmelidirler hem-de hyzmatdaşlar bilen anyk we hemmetaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge ukyply bolmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu maksatlar bilen hem DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça ýörite Okuw merkezini döretmek baradaky çözgüt kabul edildi. Bu merkeziň açylmagy bilen halkara gatnaşyklary ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy täze derejä çykarylar, bu bolsa Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän barlag we seljerme işlerini kämilleşdirmäge, döwrüň talaplaryna laýyklykda bu ýokary okuw mekdebiň geçirilýän çäreleriniň iş ýüzündäki netijesini güýçlendirmäge mümkinçilik berer.

Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän maslahatyň işine ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň ilçihanalarynyň baştutanlary, milli parlamentiň deputatlary, syýasatşynaslar, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda institutda alnyp barylýan işleriň esasy tapgyrlary we netijeleri häsiýetlendirildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Daşary işler ministrliginiň öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiň geljekki işleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň 2008-nji ýylda ýurdumyzda halkara gatnaşyklary ulgamynda hünärmenleriň taýýarlanylmagyna niýetlenilen öz ýokary okuw mekdebimizi döretmek baradaky kabul eden çözgüdi Türkmenistanyň ösüşiniň zerurlyklary bilen hem, halkara ýagdaýlar, ählumumy meýilleriň häzirki zaman depgini bilen hem şertlendirilendir.

Bu ýokary okuw mekdebiň wekilleriniň belleýişleri ýaly, on ýylyň dowamynda institutda 470 hünärmen taýýarlanyldy, olar dürli ulgamlarda — diplomatiýa, ykdysadyýet, hukuk, maliýe-bank ugurlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işleýärler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugrunyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlaryna laýyklykda, okuw işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Dersleri okatmagyň usulyýetleri baýlaşdyrylýar, ylmy we barlag işleri geçirilýär.

DIM-niň merkezi edarasynyň tejribeli hünärmenleriniň, ilçihanalaryň, konsullyklaryň hem-de Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň okuw işlerine çekilmegi ýokary okuw mekdebinde sapak bermegiň esasy aýratynlygy bolup durýar, olar talyplaryň öňünde yzygiderli çykyş edýärler, okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar. Türkmenistanyň diplomatiýa gullugynyň weteranlary gullugyň işine aýratyn goşant goşýarlar, olar talyplara we mugallymlara özleriniň baý tejribesini berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde, Halkara gatnaşyklary institutynyň ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýady döredildi. 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda institutyň täze binasy açyldy, ol iň häzirki zaman binagärlik ölçeglerine laýyklykda guruldy hem-de döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi, ýokary tehnologiýaly kompýuter otaglary döredildi, olar okatmagyň innowasiýa usullaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Bu ýokary okuw mekdebiniň barha giňelýän halkara gatnaşyklary onuň üstünlikli işlemeginiň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda gol çekilen ylalaşyklaryň esasynda institut birnäçe döwletleriň degişli ýokary okuw mekdepleri, diplomatik akademiýalary hem-de mekdepleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Hyzmatdaşlaryň hatarynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar instituty, Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugy instituty, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar instituty, Rumyniýanyň Diplomatiýa instituty, Argentinanyň daşary syýasat edarasynyň Milli diplomatik gullugy instituty ýaly meşhur hem-de abraýly okuw mekdepleri we beýlekiler bar.

Özara gatnaşyklaryň çäklerinde BMG-niň pikir alyşmalary, BMG-niň modeli, Durnukly ösüş maksatlary boýunça amaly okuw maslahatlary, DÖM-ni maliýeleşdirmegiň innowasion usullary boýunça bank edaralarynyň hem-de hususy ulgamyň wekilleri üçin okuwlar, “DÖM-niň ýaş ilçileri” mowzugy boýunça düzmeleriň bäsleşigi ýaly çäreler üstünlikli geçirildi. Şeýlelikde, netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ilatyň giň gatlaklarynyň, şol sanda çagalaryň arasynda 2030 gün tertibi barada bilimleri ýaýratmak başartdy diýip, hanym Naswlişwili nygtady.

Halkara gatnaşyklary institutynyň 10 ýyllyk senesine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda myhmanlar Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ony açmak baradaky çözgüdiniň wajypdygyny belläp, täze merkeziň işiniň Türkmenistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ylmy-barlag we intellektual kuwwatyny artdyrjakdygyny nygtadylar.

Şu gün bu ýerde ilkinji ýöriteleşdirilen sapaklar geçirildi. Şolarda ýokary okuw mekdebiniň talyplary diplomatik wekilhanalarda baý iş tejribe toplan hünärmenleriň Türkmenistanyň energetika, suw we ulag diplomatiýasy baradaky çykyşlaryny diňlediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy meselelere häzirki garaýyşlarynyň ulgamy şol diplomatiýanyň esasyny düzýär.