milli goshun logo
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty
22.01.2025 125 Habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesidir.

Monakonyň Monte-Karlo şäherinde indi 47-nji gezek geçirilýän sirk festiwalynyň çäklerinde-de halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi «Galkynyş» toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, tutuş dünýäde zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksatlarynyň biridir. Ýurdumyzyň meşhur toparynyň şeýle abraýly halkara ýaryşa çagyrylmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär.