milli goshun logo
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
17.12.2024 75 Habarlar

Düýn – 16-njy dekabrda paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi.

Çykyşlaryň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda taraplaryň söwda, maýa goýum işi, işewürler toparlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy.