milli goshun logo
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýty döredildi
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýty döredildi
15.03.2019 1889 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyna laýyklykda ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek işleri alnyp barylýar.

Ýakynda Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýty (http://www.turkmentv.gov.tm) döredildi. Maglumatlary üç dilde: türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürleýän saýt häzir synag görnüşinde işledilýär. Saýtdan teleýaýlymlara göni ýaýlym arkaly tomaşa edip bolýar.

Ýakyn günlerde bu saýt arkaly türkmen telewideniýesiniň ähli teleradioýaýlymlaryna tomaşa etmek we diňlemek mümkin bolar. Şeýle hem bu saýt arkaly telegepleşikleriň şol günki we tutuş hepdäniň dowamyndaky tertibi bilen hem tanyşmak mümkindir.

Täze saýt «Türkmenfilm» birleşiginiň kino eserleri bilen tanyşmaga-da mümkinçilik berýär.