Düýn – 22-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylda öňde durýan wajyp wezipeler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda düýpli pikir alyşmalar boldy. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Söhbetdeşler türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada-da pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygy hem-de bäştaraplaýyn görnüşde geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.