milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
28.08.2024 110 Habarlar

Düýn – 27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar barada bellenildi.