milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
20.03.2024 397 Habarlar

Düýn – 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostluga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler.