milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
23.09.2024 75 Habarlar

Düýn – 22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň toplumyny, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz, himiýa senagaty ýaly ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň sebitleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, parlamentara gatnaşyklar yzygiderli ilerledilýär. Hormatly Prezidentimiz iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.