milli goshun logo
Täze ýylyň ilkinji güni ýurdumyzda geçirilen dabaralar
Täze ýylyň ilkinji güni ýurdumyzda geçirilen dabaralar
01.01.2019 1755 Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbidine ýugrulan mukaddes ýörelgeleri netijesinde her güni toý-baýrama beslenýän diýarymyza rysgal-bereket bolup gadam basan täze 2019-njy, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji güni bagtyýar raýatlarymyzyň, şonuň bilen birlikde körpe nesilleriňem ähliumumy şatlygyna öwrüldi. Munuň şeýledigini täze 2019-njy ýylyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Täze ýyl dabaralaram bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Ynsan ömründe ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýan, geljege ýagşydan-ýagşy umyt arzuwlary oýarýan Täze ýyl baýramyna bagyşlanyp guralan dabaralar ähli welaýatlarymyzda mukaddes ýaşyl Tugumyzyň asmana galdyrylmagy, şeýle hem döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen garşylandy.

Dabaralarda gutlag sözleri bilen çykyş edenler täze 2019-njy, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň düşümli hem bereketli ýyl bolmagyny, eziz Watanymyzyň durmuşyň ähli ugurlarynda gülläp ösmegini arzuw edip, mähriban halkymyzy, milletiň Arkadagy hormatly Prezidentimizi Täze ýyl bilen gyzgyn gutladylar.