milli goshun logo
Ýaş türkmenistanlylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Ýaş türkmenistanlylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
02.01.2019 941 Habarlar

    Täze ýylyň ilkinji güni Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda ýola goýulan asylly däbe görä Döwletliler köşginiň çagalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. «Döwletliler köşginiň» çagalary ajaýyp sowgatlary we bagtly çagalygy üçin mähriban Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Okuwda we döredijilikde täze üstünlikleri gazanmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrmak bilen okuwçylar döwlet Baştutanymyza berk jan-saglygyny, mähriban halkymyza hem-de her bir maşgala bagt getirjek ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde täze üstünlikleri we abadançylyk arzuw etdiler.