milli goshun logo
Täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi
Täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi
14.03.2024 413 Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň saparyna gabatlanyp, düýn – 13-nji martda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde döwrebap jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyrynda täze, «Toyota Coaster» kysymly orta synply awtobuslaryň ýene-de 200-e golaýy, «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslaryň hem 10-sy ilata hyzmat etmek üçin ulanmaga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy esasynda mümkin bolup, ýolagçy awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Täze ulaglar welaýatyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäherýaka hem-de şäherara ugurlar boýunça gatnadar.

Awtobuslaryň hereketlendirijileri bildirilýän ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Awtobuslarda ony dolandyryjylar üçin hem ähli amatly şertleriň göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemek gerek. Täze awtobuslar halkyň hyzmatynda bolup, ýolagçylaryň barmaly menzillerine öz wagtynda we rahat barmagy üçin zerur şertleri üpjün ederler.