milli goshun logo
Taryhy ýörişiň ýollary bilen
Taryhy ýörişiň ýollary bilen
14.06.2018 1962 Habarlar | Sport

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary, 1990-njy ýylda Magtymguly – Aşgabat – Magtymguly ugry boýunça geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň we gurnaýjylaryň hatarynda bolan Sapargül Mämmedowa hem-de onuň ýanýoldaşy Serdar Annaorazow bilen gürrüňdeşligimiz turuwbaşdan 1938-nji ýylda, edil şu ugur boýunça geçirilen welosipedli ýörişe syrykdy. Sapargül gelneje elindäki galyň albomda ýerleşdirilen, şol ýyllaryň welosiped bilen baglanyşykly wakalaryndan habar berýän suratlary, geçilen ugruň çyzgysy, welosportuň Türkmenistandaky täsin sahypalary bilen bizi tanyşdyryp oturyşyna, biziň alboma ýerleşdirilen suratlar bilen bagly beren sowallarymyza, göýä, ýaşlyk ýyllaryna sapara ugrajak mysaly buýsançly ýylgyryp, jogap bermäge başlady:

– Ine, bu surat 1938-nji ýylda geçirilen welosipedli ýörişe ýolbaşçylyk eden Pawel Pankratýew bilen duşuşygymyzyň pursady. Onuň ýörgünli ady Pälwan agady. Ol welaýat merkezinden uzakda ýerleşýän Magtymguly sebitine welosipediň ornaşmagyna uly goşant goşan adam hökmünde tanalýar – diýip, albomyň gatlaryny agdaryp oturyşyna biziň ünsümizi ýene-de bir suratda jemledi. – Ine, bu surat bolsa 1990-nji ýylda geçirilen Magtymguly – Aşgabat – Magtymguly welosipedli ýörişiň dowamynda Aşgabada gelenimizde üýşüp düşen suratymyz. Şol ýörişde biz 1990-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Magtymgulydan ugrap, 7-nji noýabrda yzymyza dolanyp gelipdik. Ýörişe jemi 30 adam gatnaşyp, onuňam dördüsi gyzlardy. Welosipedli ýörişe gatnaşmaga döwtalap bolan şol dogumly gyzlar häzirki ýaly ýadymda. Olar Sähragiil Şyhyýewa, Annagiil Annaýewa, Çemen Meňliýewa, Ýelena Saharowa ýaly okuwçy gyzlar we meniň bilen jemi 5 zenandy. Öziim şol wagt Magtymguly etrabynyň 1-nji orta mekdebinde, ýoldaşym Serdar bolsa 2-nji orta mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýärdik. Bu ýörişe mekdebimiziň mugallymlary Amandurdy Kadyrow, Tagangeldi Işangulyýew dagy we serhetçi esgerlerdenem 5-si gatnaşypdy.

Sapargül gelnejäniň gürrüň berşi ýaly, ol Magtymguly etrabynyň 1-nji orta mekdebinde işleýän döwründe, şol wagtlar hereket eden «Fakel» gurnak toparyna ýolbaşçylyk edip, onuň işine-de mekdebiň okuwçylarynyň uly höwes bilen gatnaşmagyny gazanypdyr. Olaryň ilki bilen 1938-nji ýylda geçirilen «Magtymguly – Aşgabat – Magtymguly» ýörişi, oňa gatnaşyjylar barada maglumatlary ýygnandyklary, 1938-nji ýylda geçirilen ýörişiň ugry boýunça geçip, ony içgin öwrenendiklerini albomda ýerleşdirilen suratlary synlanyňda-da göz ýetirmek kyn däl.

Köpýyllaryň ajysyny-süýjüsini bileje çekişen ýanýoldaşy Serdar aga bilen albom gatlaryny agdaryp oturyşyna Sapargül gelneje gürrüňini dowam etdi:

– Şeýlelikde, 30 adamdan ybarat toparymyz 1990-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda «Magtymguly – Aşgabat – Magtymguly» ýörişine badalga aldy. Ýörişiň dowamyndaky wakalar şu günki ýaly ýadymda. Her bir ýaşaýyş toplumynda ýerli ilat bizi uly hormat bilen, okuwçylar gül desseleri bilen garşylaýardylar. Könekesir obasynda bolan waka has-da ýatdagalyjy boldy. Şonda okuwçylaryň biri dabaradan gijä galypdyr. Biz bolsa bu ýerden ýaňy ugrapdyk. Elleri gül desseli oglanjyk ylgap, yzymyzdan ýetip, gül dessesini bize gowşuryp gidipdi.

Ýol ugrunyň dag ýodalarynda kynçylyklaram az bolmandy. Dag ýodalarynda eňňitlerden aşak gaýtmalydy. Käbir ýerlerinde bolsa ugrumyz inçelip, ýokarlygyna gidýän çarkandakly dagly ýerlere düşerdi. Şol belentli-pesli dag eňňitlerinde welosipede erk etmek uly eserdeňligi, jogapkärçiligi talap edýärdi. Ýörişe gatnaşyjylar bu päsgelçilikleri üstünlikli ýeňip geçdiler. 7-nji noýabrda hem ýörişe gatnaşyjylaryň ählisiniň sag-amanlygynda yzymyza – Magtymguly etrabyna geldik – diýip, Sapargül gelneje sözüne dyngy berdi.

 

Ýörişe gatnaşyjylaryň üýşüp düşen suratyna, olaryň her biriniň ýüzüne öwran-öwran garadygyňça, ýörişe gatnaşan ildeşlerimiziň, serhetçi ýigitleriň we okuwçy oglan-gyzlarymyzyň  merdana keşpleri Sapargül gelnejäniň gürrüňleri bilen sazlaşyp, ýokary buýsanç duýgusy bilen seniň kalbyňy doldurýardy. Söhbetdeşligiň arasyna düşen dymyşlykdan peýdalanyp, men şol ýyllaryň wakalarynyň bir pursadyny-da sypdyrman gürrüň bermäge we häzirki nesillerimize ýetirmäge howlukýan ýaly wakalary içgin beýan edip oturan Sapargül gelnejedir Serdar agadan, şol taryhy ýörişden başga nähili ýörişleriň geçirilendigi we olaryň esasy maksady hakynda soranymda, olar uly höwes bilen söhbetdeşligi dowam etdirdiler:

– Ýörişleriň maksady barada aýdanymyzda welosipedli ýörişe halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlarymyzyň öz Watanymyza, gözel tebigatymyza bolan söýgüsiniň, olaryň täze wakalara, belentliklere bolan ymtylyşynyň we merdanalyk, watançylyk ýaly mukaddes duýgularynyň ýüze çykmasynyň aýdyň beýany diýip düşünýäris. Şundan hem ýörişleriň öz öňünde goýan esasy maksady gelip çykýar. Ilkinji ýörişimiziň üstünlikli geçmegi, ýaşlarymyzy täze ýörişlere ruhlandyrdy. Şeýlelikde, 1991-nji ýylda Magtymguly – Maşat-Misserian – Magtymguly, soňra Magtymguly – Daýna – Magtymguly, Magtymguly – Çendir – Magtymguly ugurlary boýunça welosipedli ýörişleri geçirdik. Bu ugurlaryň göwünleri galkyndyryjy gözel tebigaty bar we taryhy-medeni mirasymyza baý. Bu ugurlar Maşat-Misserian düzlügini, Şarlawuk, Madaw obalaryny, Madaw düzlügini öz içine alýar. Ine, bu günki giin bagtyýarlyk zamanamyzda, mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen taryhy gymmatlyklarymyza, häzirki milli mirasymyza uly hormat goýulýar, sporta, bedenterbiýä uly üns berilýär. Netijede, welosiped sportuna-da täzeçe döwran dolandy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyndan bir nyşan. Biz indi ýaşuly nesliň wekili hökmünde ösüşlere ýaran zamananyň şaýady bolandygymyza buýsanýarys we ýaşlarymyza uly ynam bildirýäris.

Hakykatdan-da, Serdar aganyň we Sapargül gelnejäniň buýsanmaga-da, ynam bildirmäge-de doly haklary bar. Çünki olar öz Watanyna ygrarly, welosiped sportuna wepaly durmuşy geçdiler we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini bu günki gün hem dowam etdirýärler. Paýtagtymyzdaky we dag goýnundaky gözel künjeklerde welosipedli ýa-da pyýada gezelençler bolsa olaryň gündelik manyly durmuşlarynyň hemrasyna öwrüldi. Bize bolsa häzirki wagtda paýtagtymyzdaky Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet mekdep-internadynyň bedenterbiýe mugallymy Serdar Annaorazowyň, Ýaş syýahatçylar merkeziniň gurnak ýolbaşçysy Sapargül Mämmedowanyň çekýän döredijilikli zähmetlerinde, agzybir maşgala ojaklarynda bagtyýarlyk eýýamyň mylaýym şemalynyň hemişe öwsüp durmagyny arzuw edäýmek galýar.