milli goshun logo
Suw arassalaýjy desgalar gurlar
Suw arassalaýjy desgalar gurlar
05.01.2019 6589 Habarlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherinde suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň, häzirki döwürde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde agyz suw arassalaýjy kärhanalaryň we suw arassalaýjy desgalaryň hereket edýändigini belledi.

Paýtagtymyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen mundan beýläk-de bökdençsiz üpjün etmek üçin Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň, hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde suw arassalaýjy desgalary gurmak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz arassa agyz suwy bilen durnukly üpjün etmek hem-de ýurdumyzda suw gorlaryny netijeli peýdalanmak baradaky meselä degip geçmek bilen, ýurdumyzda “Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň” kabul edilendigini belledi. Döwrebap agyz suw arassalaýjy kärhanalaryň we desgalaryň yzygiderli ulanylmaga berilmegi bu ugurda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz täze suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy barada aýdyp, anyk çäreleriň toplumyny öz içine alýan Baş maksatnamanyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ony durmuşa geçirmekde çuňňur oýlanyşykly we ylmy çemeleşmeleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.