milli goshun logo
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň gerimli sergisi
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň gerimli sergisi
18.03.2024 318 Habarlar

Düýn –  17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Onuň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň arasynda sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar.

Nobatdaky sergi Garaşsyzlyk ýyllarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň we täzelikleriň aýdyň beýanydyr.

Sergi 19-njy marta çenli dowam eder.