milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
3 gün öň 82 Habarlar

Düýn – 30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýat häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar doly güýjünde işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem welaýatlarda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş paslyna taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri ýokary derejede barýar.