milli goshun logo
Şa serpaýyna mynasyp bolan esger
Şa serpaýyna mynasyp bolan esger
27.06.2024 1276 Habarlar | Harby özgertmeler

Düýn  Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşigiň ýeňijileriniň beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda dabaraly ýagdaýda sylaglanylmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Ýeňijileriň hatarynda   Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Toýly Muhammetdurdyýewiň bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Ýaş Watan goragçysy öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: «Harby gullukçy hökmünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak meniň üçin üýtgeşik duýgy boldy. Ynam bilen yhlas birikse, güýç-gaýrat bilen söýgi birikse ähli arzuwlar wysalyna gowuşýan eken. Biz – Watan goragçylary mundan beýläk hem, Milli Liderimiziň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belent ynamyndan ruhlanyp, Watanymyzyň asudalygyny goramak ugrunda harby gulluk borjumyzy döredijilik bilen utgaşykly ýagdaýda birkemsiz, göreldeli ýerine ýetireris».