milli goshun logo
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
2 gün öň 45 Habarlar

Düýn – 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy. 

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Arkadag şäherindäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Degişli bölümleriň ýolbaşçylary häzirki döwürde gözegçilik edýän gulluklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine gelip, dünýäde meşhurlyk gazanyp, türkmen tugunyň belende galmagyna, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakoda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.