Türkmen elektrik energiýasyny daşary
ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan
bilen Owganystanyň arasynda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan
hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara
gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo»
döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik
energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy
bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar
berildi.