milli goshun logo
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimi — halkyň bähbidine
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimi — halkyň bähbidine
24.12.2018 864 Habarlar

Milli Liderimiz möhüm gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, şolary işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge, şol sanda bezeg we ekologiýa ugurlary, desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk düzümini döretmäge täzeçil, oýlanyşykly çemeleşmegiň ähmiýetini belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzda guralýan halkara sergileriniň ähmiýetini belledi. Şolar beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär. Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürmegi dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Gurluşyk pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 28-nji awgustda Aşgabatda “Türkmengurluşyk — 2018” halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi.

“Türkmengurluşyk — 2018” giň gerimli pudaklaýyn sergä dünýäniň 14 döwletinden – Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Awstriýadan, Fransiýadan, Gresiýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan kompaniýalaryň 130-dan gowragy gatnaşdy.

Batly depgin bilen ösýän türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan daşary ýurtly işewürler hyzmatdaşlygy ýola goýmakda täze mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Munuň şeýledigine sergide görkezilen diňe döwlet pudak kärhanalarynyň däl-de, eýsem, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda işleýän, iri taslamalary durmuşa geçiren hususy gurluşyk bölüminiň — «Nusaý ýollary», «Altyn nesil», «Aktab», «Ajaýyp gurluşyk»,«Beýik bina» we beýleki köpsanly kompaniýalarynyň kuwwaty ýardam edýär.

Sergide öňdebaryjy daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary hem-de innowasion gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, ýörite tehnikalary öndürýän «Poyatos», «Buig», «Rönesans», «Hebei Weizhengheng Modular House Technology», «Gap Inşaat», «Ticcurila», «Hofmann GmbH» ýaly kompaniýalar öz önümlerini görkezdiler.

24 — 25-nji maýda geçirilen “Ak şäherim-Aşgabat” atly XVII halkara köpugurly sergi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin netijeli çärä öwrüldi, daşary ýurtly myhmanlara dürli pudaklaryň hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini we mümkinçiliklerini görkezýän türkmen halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň üstünlikleri bilen tanyşmaga kömek etdi.

Şu ýyl ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň firmalarynyň hem-de kärhanalarynyň, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Koreýanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň we beýlekileriň işewür toparlarynyň 80-den gowragy öz önümlerini görkezdiler.

Daşary ýurtlaryň diwarlyklarynyň hatarynda şähergurluşyk hem-de senagat ulgamynda, ýol-ulag düzümlerinde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan guramalar we kompaniýalar bar. Şolaryň esasy bölegini döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işewür hyzmatdaşlarymyzyň görkezýändigi bellärliklidir. Şolaryň hatarynda 
«Bouygues Turkmen», «Polimeks», «NATA», «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret», «Altkom» ýolgurluşyk kompaniýasy, «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasy we beýlekiler bar.

Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara pudaklaýyn maslahatlaryň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň hem-de gurluşyk senagatynyň hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagynyň möhüm guraly bolup durýandygyny hem bellemek gerek.

Paýtagtymyzyň keşbindäki hem-de şäher düzümlerindäki gerimi we pikiri boýunça deňsiz-taýsyz özgertmeler, onuň iň täze taryhy we geljekki ösüşi, gürrüňsiz suratda, “Ak şäherim-Aşgabat” diýen serginiň mümkinçilik berşi ýaly, aýdyň hem-de giň gerimde görkezilmäge mynasypdyr. Serginiň halkara derejesi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy, diplomatik, ykdysady we sebitiň işewürlik merkezi hökmünde ähmiýet berýän Aşgabadyň derejesini tassyklaýar.

Forumda ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, häzirki zaman gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri, kompýuter we aragatnaşyk mümkinçilikleri, azyk senagaty ulgamynda gazanylanlar , ekologiýa meselesini çözmekde, sporty hem-de syýahatçylygy, ylmy, işgärler mümkinçilikleri, medeni gatnaşyklary ösdürmekde ýetilen sepgitler görkezildi. Başgaça aýdylanda, bularyň ählisi iri şäheriň keşbini kemala getirýär.

Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyndan başlap, ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň hem-de gurluşyk serişdeleri önümçiliginiň gurluşygyna çenli dürli ulgamlarda ýöriteleşen telekeçileri we haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezdiler.Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini goldamak we höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, olaryň sany Türkmenistanda ýyl-ýyldan artýar. Şeýlelikde, sergide “Ajaýyp bina”, “Ussat inžener”, “Ajaýyp gurluşyk”, “Beýik bina”, “Ojar Aziýa” we beýleki hususy kärhanalar durmuşa geçiren hem-de geljekde amala aşyrmakçy bolýan taslamalaryny görkezdiler.Olaryň hasabynda paýtagtymyzda we sebitlerimizde gurlan ençeme durmuş hem-de önümçilik desgalary bar.

Şu ýyl Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda seýilgähleriň dördüsiniň açylyşy boldy. Olar Berkararlyk etrabyndaky “Kemine”, Köpetdag etrabyndaky “Nurmuhammet Andalyp”, Bagtyýarlyk etrabynda Magtymguly şaýolunyň we Tähran köçesiniň çatrygynda hem-de Büzmeýin etrabynda Gündogar köçesiniň ugrunda gurlan seýilgählerdir. Bular paýtagtymyz babatda “Bag-bossanlyga beslenýän şäher”, “gür bagly şäher” diýlip aýdylýan meňzetmeleriň hakdygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Bu çeper meňzetmeler şäherleşmegiň häzirki depgininiň ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary ölçegleri bilen tebigy sazlaşýan häzirki wagtda şäher gurluşygynyň düýpgöter täze nusgasynyň mysalynda öz hakyky beýanyny tapýar. “Ýaşyl begres” şäher durmuşynyň möhüm bölegi bolmak bilen, goh-galmagalyň derejesini peseldýär, howany arassalaýar, amatly howa gurşawyny döredýär.

6-8-nji dekabr aralygynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň guramagynda geçen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik sergisi hem şähergurluşyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri we onuň mümkinçiliklerini görkezdi. Bu ýerde ussatlar bilen birlikde, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem öz işlerini görkezdiler.

Gözden geçirilişiň çäklerinde, ýurdumyzyň binagärleriniň döredijiliginde täze ýörelgeleri we ugurlary ýüze çykarmaga gönükdirilen bäsleşik hem ilkinji gezek guraldy. Eminler dolandyryş-jemgyýetçilik hem-de syýahatçylyk binalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar we desgalar, landşaft binagärligi — seýilgärler we dynç alyş ýerleri, kiçi binagärlik görnüşleri ýaly dört ugur boýunça hödürlenen işleriň 300-e golaýyny seljerdiler. Ýeňijilere hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bu işlerde ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ugurdaş maslahatlaryň we sergileriň ähmiýeti uludyr. Olarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň we halkymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen şähergurluşyk syýasatynyň ähli artykmaçlyklary aýdyň görkezilýär.