milli goshun logo
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk
08.01.2025 202 Habarlar

Düýn – 7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda bu gazna bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen döwrüň içinde gazna ýurdumyzda amala aşyrylan birnäçe milli we halkara ähmiýetli iri taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşdy. Saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maliýe ulgamlaryndaky taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe olara gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, sebit ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine hem hyzmat edýär.