milli goshun logo
Owgan harytlarynyň sergisi hem-de bilelikdäki işewürlik maslahaty
Owgan harytlarynyň sergisi hem-de bilelikdäki işewürlik maslahaty
05.03.2024 324 Habarlar

Düýn – 4-nji martda paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi.

Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň aglabasy ýurdumyzda öz mümkinçiliklerini ilkinji gezek tanyşdyrýarlar. Olar köpugurly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde halk aýdym-sazlary ýaňlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işewürler gatnaşdylar.

Düýn açylan gözden geçirilişiň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-owgan işewürlik maslahaty öz işine başlady. Onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň we Owganystanyň zenan telekeçileriniň duşuşygy geçirildi.

Bu gün – 5-nji martda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýurdumyzyň we owgan işewürleriniň gatnaşmagynda göçme söwda geleşikleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Owgan harytlarynyň sergisi 6-njy marta çenli dowam eder.