milli goshun logo
«Ömrümiň manysy» kitabyň tanyşdyryş dabarasy
«Ömrümiň manysy» kitabyň tanyşdyryş dabarasy
30.04.2022 1631 Habarlar | Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Onda çykyş edenler «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybarat bolan bu täze kitabyň türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar. Çünki çuňňur akyl-paýhasa ýugrulan kitapda halkymyzyň taryhy inçeden yzarlanýar, geçmişiň, şu günüň, geljegiň baglanyşygy öz beýanyny tapýar.

Şeýle hem dabarada çykyş eden merdana Watan goragçylary Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabyndaky parasatly sargytlaryna, ündew-nesihatlaryna berk eýerjekdiklerine, harby gullukçylary belent adamkärçilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hemişe olary ýol-ýörelge edinjekdiklerine tüýs ýürekden ynandyrdylar.

«Milli goşun».