milli goshun logo
Oleg Kononenko kosmosa uçdy
Oleg Kononenko kosmosa uçdy
18.12.2018 1084 Habarlar

1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko kosmosa dördünji uçuşyny amala aşyrýar. «Союз МС-11» älem gämisinde uçuşy ýerine ýetirýän toparyň düzüminde onuň serkerdesinden başga-da, kanadaly astronawt Dawid San-Žak we amerikaly Enn Şarlott Makkleýn dagy bar.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz 2009-njy ýylda Kononenkony «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglapdy.